SOŇKY HABARLAR
Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutan...
Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler barada
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ug...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ynanç hatyny gowşurmak bilen, diplomat Döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly...
Посол Туркменистана выступил перед туркменскими студентами с гостевой лекцией
22 ноября 2023 г. Чрезвычайный и Полномочный Посол Туркменистана в Республике Казахстан Б.Реджепов выступил с лекцией в Евразийском национальном университете имени Л.Н. Гумилева. На лекции приняли участие туркменские студенты, обучающиеся в данном ВУЗе, профессорско-преподавательский состав, а также сотрудники Посольства. Во время выступления глава дипломатической миссии охватил широкий спектр актуальных вопросов, особо акцентируя внимание студенческой молодежи и остальных участников на истори...
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygider...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.