img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.