SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly wekili diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň möçberli özger...
Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ileri tut...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...
Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. S...
В Ашхабаде прошёл медиа-форум, посвящённый XIV Чемпионату мира по курашу
25 ноября в конференц-зале отеля «Спорт» состоялся международный медиа-форум «Чемпионат мира по курашу – в мировых СМИ». В работе форума приняли участие представители соответствующих министерств и ведомств Туркменистана, корреспонденты национальных и иностранных средств массовой информации, а также руководящий состав Международной ассоциации по курашу. В рамках форума были освещены текущие организационно-протокольные вопросы. Особый акцент участников был уделён аспектам информационного обе...
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýörite maksatnama döredileninden bäri 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda SPEKA-nyň çäklerinde gatnaşyjy ý...
Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşlikleriň barşynda Ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary...