RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Iýul

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik...

DOWAMY
28 Iýul

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlan...

DOWAMY
27 Iýul

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy hususan-da, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklarymyzy girizmek babatynd...

DOWAMY
27 Iýul

Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik barada

2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara forumlaryň we duşuşyklaryň çäklerinde ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola...

DOWAMY
26 Iýul

Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekil bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky Işeri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy. Owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär. Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli hal...

DOWAMY
26 Iýul

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlik barada

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşy...

DOWAMY
25 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmen...

DOWAMY