img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Palestina tarapy Palest...

DOWAMY
pic
15 Iýul

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi. Konstruktiw häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrm...

DOWAMY
pic
15 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy...

DOWAMY
pic
15 Iýul

Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň ýokary derejeli böleginiň «Has gowy netijeleri gazanmak: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bo...

DOWAMY
pic
14 Iýul

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Jakarta şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen ulag arabaglanyşygy, energetika, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, bilim, ylym, syýahatçylyk...

DOWAMY
pic
14 Iýul

В Ашхабаде состоялись туркмено-узбекские политические консультации

14 июля 2026 года в Ашхабаде состоялся очередной раунд политических консультаций между внешнеполитическими ведомствами Туркменистана и Республики Узбекистан. Туркменскую делегацию возглавил Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов, узбекскую — Министр иностранных дел Республики Узбекистан Бахтиёр Саидов. В ходе консультаций стороны провели обстоятельный обмен мнениями по вопросам дальнейшего укрепления туркмено-узбекского стратегического партнёрства, рассмотрев текущее состояние и...

DOWAMY
pic
14 Iýul

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikle...

DOWAMY