RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Dek

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk barada

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumynda pikir alyşmalar boldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli...

DOWAMY
10 Dek

Türkmenistanyň DIM-nde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ýola goýulan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetin...

DOWAMY
10 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherinde iş sapary bilen bolýan BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýeti bellenildi. Bu babatynda Türk...

DOWAMY
10 Dek

Türkmenistanyň DIM-nde FAO guramasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen BMG-niň azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen duşuşdy. Duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylm...

DOWAMY
8 Dek

Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostluk...

DOWAMY
8 Dek

Türkmenistanda Zimbabwe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Zimbabwe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Braýt Kupembadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuham...

DOWAMY
7 Dek

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-aly...

DOWAMY