RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Dek

Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar....

DOWAMY
13 Dek

Aşgabatda BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda...

DOWAMY
12 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi. I.Žiwkowiç döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk, täze üstünl...

DOWAMY
11 Dek

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäple...

DOWAMY
11 Dek

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy boýunça press-reliz

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Halkara bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty geçirildi. Forumyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary he...

DOWAMY
11 Dek

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen, ÝUNESKO-nyň Almatydaky Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler....

DOWAMY
11 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.   Duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söw...

DOWAMY