RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Mar

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji martynda türkmen paýtagtynda Ýewropadak Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň iň möhüm temalary boýunça pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmek, suw baýlyklaryny zenanlaryň bu işlere gatnaşdyrylmagy maksady bilen howanyň üýtgemegi meselelerine aýratyn üns berildi. Ý...

DOWAMY
5 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere gara...

DOWAMY
4 Mar

Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sebitdäki ähli döwletleriň bähbitlerini suw dolandyryş meselel...

DOWAMY
4 Mar

В Ашхабаде обсуждается развитие туркмено-афганского торгово-экономического сотрудничества

4 марта 2024 года в Торгово-промышленной палате Туркменистана состоялось открытие выставки афганских товаров и бизнес-форума двух стран. Для участия в мероприятиях в Ашхабад прибыла делегация во главе с министром промышленности и торговли Афганистана Нуруддином Азизи, в состав которой вошло более 300 представителей государственных структур, торгово-промышленной палаты и банков, а также около 170 компаний и предприятий. На обширной выставке, работа которой продолжится до 6 марта, представле...

DOWAMY
2 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu foruma çagyrandygy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, gadyrly doganym Rejep Taýyp Erdogana minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle hem, bu çäräniň guramaçylaryna şu abraýly forumda çykyş etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Forumyň ýokary derejede guralandygyny, türk doganlarymyzyň myhmansöýerligini bellemek isleýärin. Halkara g...

DOWAMY
2 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde  “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki puda...

DOWAMY
2 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy.  Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...

DOWAMY