RSS

SOŇKY HABARLAR

7 Mar

KHBS üçin habar

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen T...

DOWAMY
6 Mar

Aşgabatda ÝHHG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň üç ölçeginiň çäginde hyzmatdaşlygyň we sebit merkezleriniň işiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ÝHHG-niň Sekret...

DOWAMY
6 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ÝHHG ýaly iri hal...

DOWAMY
5 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde owgan wekiliýeti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Söwda we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, owgan wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine, şol sanda sa...

DOWAMY
5 Mar

Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Döwlet...

DOWAMY
5 Mar

ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäginde taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň syýasy we ykdysady ugurlarda, şeýle hem daşky gurşaw howpsuzlygy we ynsanperwer gatnaşyklary meselelerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ÝHHG-niň wekiliýetiniň g...

DOWAMY
5 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygyny geçirdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplary barada pikir alyşdylar. Taraplar parlament wekiliýetlerini alyşmak tejribesini ýola goýmak arkaly parlamentara gatnaşyk...

DOWAMY