SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başla...
Встреча в Академии Государственного управления при Президенте Республики Казахстан
23 января 2025 года состоялась встреча Посла Туркменистана в Республике Казахстан Б.Реджепова с ректором Академии Государственного управления при Президенте Республики Казахстан Ерланом Куанышевичем Абилом. В ходе которого была дана высокая оценка значимости на состоявшиеся на высшем уровне двусторонние визиты руководителей Туркменистана и Республики Казахстан в 2024 году. Также было отмечено, что в ходе визита был подписан Меморандум о взаимопонимании между Академией государственного управле...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem myhman Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýet...
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy 2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji g...
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Kanadanyň doly ygtyýarly wek...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol Pre...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy geçirildi. Monakonyň Şazadasynyň köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde surata düş...