RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Russiýa - Yslam dünýäsi:KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum - 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2024-nji ýylda «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şyg...

DOWAMY
17 Maý

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherin...

DOWAMY
16 Maý

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiň geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň başlygy Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýe Respublikasynyň milli toparynyň başlygy Ojal Oguzyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýurtlaryň arasynda TÜRKSOÝ-yň we ÝUN...

DOWAMY
16 Maý

Türkmenistanyň Ilçisi Filippinler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Manila şäherindäki Malakanang köşgünde Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) Atadurdy Baýramowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markos Juniora ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy...

DOWAMY
16 Maý

Türkmenistan - Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Şu günler Kazanda “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem...

DOWAMY
15 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň salamyny, gowy arzuwlaryny ýetird...

DOWAMY
15 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde i...

DOWAMY