SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ BERKIDILMEGINE GÖNÜKDIRILEN RESMINAMALARYNYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Pekinde ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannamana gol çekdiler. Iki dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen beýl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY AMALA AŞYRYLDY
2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...
AHALYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINE ŞÄHER DEREJESI BERILDI WE “ARKADAG” DIÝLIP ATLANDYRYLDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky habary aýtdy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY SÖWDANY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) Baş direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň möhümdigini türkmen wekilýetiniň ýolbasçysy belläp geçdi. Şeýle hem, türkmen tarapy kiçi we orta göwrümli ýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ «KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi. Bu nukdaýnazardan, tarapalar «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ EKSPORT WE MAÝA GOÝUM ÄTIÝAÇLANDYRYŞ AGENTLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär. Duşuşykda taraplar maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garap geçdiler we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, ş...