Türkmenistanyň DIM-de resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň edaralary bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly 4 resminama gol çekildi:

  1. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň arasynda «2030-njy ýyla çenli adalatly geçiş üçin toplumlaýyn we utgaşdyrylan iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynyň berkidilmegi» atly Bilelikdäki taslama resminamasy;
  2. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen  BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy;
  3. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýismologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Seýismiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» atly goşmaça girizilen Taslama resminamasy;
  4. Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Adam hukuklary üpjün etmek ugrunda Türkmenistan boýunça adwokatlar kollegiýalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy.