img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - ASTANA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliniň orunbasary Ennio Boati bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda durmuş syýasaty, gender deňligi we hukugyň hökmürowanlygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.

Türkmen tarapy Ennio Boata Türkmenistanda geçirilen möhüm çärelere, hususan-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara dialoga hem-de «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

 

***

 

Şol gün M.Bäşimowa Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktorynyň orunbasary Dragan Aleksoski bilen hem duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Migrasiýa bilen bagly ählumumy meseleleri çözmekde, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda migrantlara ýardam bermekde, şeýle hem adam söwdasynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran esasy meselelere hem garadylar.