SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞA MAŞGALASYNYŇ AGZASY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Gur...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” BIRINJI SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hyta...
Almaty şäherinde «ÝB – Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumy geçirildi
2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Alamaty şäherinde «ÝB - Merkezi Aziýa» ikinji ykdysady forumynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa sebitleriniň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça ýokary derejeli plenar duşuşygy geçirildi. Ýokary derejeli forumyň maksady Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hereket edýän başlangyçlar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan kabul edilen strategiýalar esasynda, iki sebitiň ýurtlaryna ýaşyl we...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «KAZANFORUM 2023» FORUMYŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...
YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ 12-NJI MEJLISI IŞINI TAMAMLADY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda, Astana şäherinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzukl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...