RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Mar

BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREMÝERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedo...

DOWAMY
16 Mar

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...

DOWAMY
16 Mar

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...

DOWAMY
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ERMENI DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arkaly Ermenistan Respu...

DOWAMY
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunda hormatly Pre...

DOWAMY
15 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER

2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, uzak ýyllaryň dowamyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine hem-de netijeli häsiýetine kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatl...

DOWAMY