TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

photo

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler mnistrliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Owgan wekiliýetine ýurduň Maliýe ministri jenap Eklil Ahmad Hakimi ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýanyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler. Ýagny taraplar sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlar boýunça ösdürmegiň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar hökümetara özara baglanyşygyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlaryndaky uly ornuny bellediler. Türkmenistan-Owganystan demir ýoly we TOPH gaz geçirijisi ýaly bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer ulgamyndaky, hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň goňşy döwletde durnuklylygy saklamakda, parahatçylygy dikeltmekde we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde edýän tagallalaryna uly baha berip Türkmenistanyň Owganystany dikeltmekde hemişe edýän ýardamlary üçin uly minnetdarlygyny bildirdi.  

Türkemen tarapy Türkmenistanyň öňyn goňşuçylyk, ynsanperwerlik we duýgudaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp geljekde hem doganlyk ýurda iş ýüzünde ýardam berjekdigini belledi.