AŞGABATDA ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERIŇ ORNUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

photo
2015-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny: durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, birnäçe ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdebaryjy syýasaty we netijeli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar, bu barada 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ulag-üstaşyr geçelegeleri döretmek hakyndaky kararnama aýdyňlyk bilen subut edýär.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti wagtyň geçmegi bilen tassyklanylandygyny bellediler we ulag ugrunyň dünýä ykdysadyýetiniň esasy bölegi bolup durýandygyny, hojalyk gatnaşyklarynyň deňagramlylygyna hem-de durnuklylygyna täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny tassykladylar. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary saklamak bilen Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen uly infrastruktura taslamalaryny teklip edýär we olary ýerine ýetirýär, şunlukda iri sebit-yklym derejeli köp şahaly bitewi ulag düzümini döretmäge özüniň saldamly goşandyny goşýar. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede maslahata gatnaşyjylar milletiň Liderini BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-üstaşyr geçelegelerini döretmek hakyndaky kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutladylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatda we diplomatiýa ugrunda alyp barýan ýadawsyz işleri, halk üçin uly ähmiýeti bolan geçirilýän reformalary ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň abadançylygynyň, parahat durmuşda bagtly ýaşamagynyň kepili bolup çykyş edýär.