Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «СLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň (GFR) başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk geçirdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzere gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna, «СLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köp ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Duşuşygyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilkleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda oba hojalyk enjamlaryny iri öndürijileriň biri bolan «СLAAS» kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «СLAAS» kompaniýasynyň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler