Türkmenistanyň Prezidentiniň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig we “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary mähirli mübärekläp, gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Indi ençeme ýyllaryň dowamynda “Buig” kompaniýasy türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Şu geçen ýyllarda kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary hil babatda halkara standartlara doly laýyk gelýär – diýip, döwlet Baştutany aýtdy we şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde, “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kompaniýanyň Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda alyp baran giň gerimli taslamalaryna ýokary baha berip, geçen döwrüň içinde köp işleriň ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşykda“Buig” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli amala aşyrýandygy, bilelikdäki taslamalaryň bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, gurluşyk, senagat kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşmak bilen, şäher bezeginiň nusgalarynyň örän baýdygyny görkezýändigi bellenildi. Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr we uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyr. “Buig” kompaniýasy hem şolaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar.

Myhmanlar bildirilen ýokary ynam we hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirip, kompaniýanyň mundan beýläk-de üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna berk eýermek bilen, özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany we “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.