Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi.

Konfederasiýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz nobatynda, Türkiýäniň Liderine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanşmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sport hereketini ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda bu ugurda giň mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, beýleki degişli desgalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi we Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol ýaryşyň meýilnamasyna taryhda ilkinji gezek atly sport görnüşi bolan konkur, türkmen milli göreşi hem girizildi. Munuň özi türkmen milli göreşini halkara derejä çykarmakda we ony dünýä ýaýmakda möhüm tapgyr boldy.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk oýunlaryny dikeltmekde we gorap saklamakda uly işleri alyp barýandygy bellenildi. Türkmenistanda hereket edýän Milli sport oýunlarynyň merkezi hem şu konfederasiýanyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa sport hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda sport diplomatiýasyny ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.