TÜRKMENISTANDA HALKARA ULAG GEÇELGELERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Şu gezekki halkara duşuşygynyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini hem-de sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň düzümlerini ösdürmegiň binýadynyň netijeli ulag geçelgelerini kemala getirmegiň möhüm wezipelerini çözmegiň çäklerinde üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri ösdürmek meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynda bar bolan ulag düzümleri bilen tanyşdyryşlaryny geçirdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bu çäräniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky ähmiýeti we Türkmenistanyň deňeçer durnukly ösüş esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze keşbini kemala getirmäge goşýan oňyn goşandy nygtaldy. Şunda innowasiýa häsiýetli logistika düzümine eýe bolan utgaşdyrylan ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak işlerine uly orun degişlidir.
Taraplar ulag pudagy boýunça öň kabul edilen halkara borçlaryny tassyklamak bilen, bu ulgamda birnäçe täze borçlary öz üstüne aldylar. Olaryň arasynda ulag - aragatnaşyk ulgamynda ykdysady we ylmy – tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň we sebitleriniň arasynda ýokary netijeli ýük gatnawlary bolan halkara ulag ulgamyny döretmek, amatly ýollary saýlap almak hem-de ulagyň dürli görnüşlerini netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler bar. Şunlukda taraplaryň her haýsy öz çäklerinde beýleki taraplaryň ulaglarynyň ähli görnüşleriniň hereket etmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge taýýardyr.