RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Sen

TÄZE ZELANDIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Sara Meri Wolş bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. M.Bäşimowa ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine ýardam we goldaw bermäge türkmen tarapynyň taýýardygyny nygtady. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň h...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ YLYM-BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar. W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp yly...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR

Ozal habar berlişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Saparyň ilkinji gününiň çäginde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysad...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ FRANSIÝA SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. 4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistany...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWRAZIÝA ATLY SPORT ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Russiýa Fe...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ KATARYŇ ATÇYLYK FEDERASIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy. Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary türkmen halkynyň Milli Liderine Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Taniniň aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ib...

DOWAMY