RSS

SOŇKY HABARLAR

10 Noý

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi.  Özbegistanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Prezi...

DOWAMY
9 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ý...

DOWAMY
9 Noý

Türkmenistan bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekdi

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol...

DOWAMY
9 Noý

Filippinleriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Roberto Manalonyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işiniň türkmen-filippin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirdi. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplo...

DOWAMY
9 Noý

TÜRKMENISTAN YRAGA TEBIGY GAZY EKSPORT EDER

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respubli...

DOWAMY
9 Noý

TÜRKMENISTAN PALESTINA DÖWLETINE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...

DOWAMY
8 Noý

AŞGABAT ŞÄHERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...

DOWAMY