RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Noý

Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, täjik tarapyndan - Täjigistan Respublikasynyň Premýer ministriniň Orunbasary Ziýozoda Sulaýman Rizoi çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna, energetika we...

DOWAMY
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan...

DOWAMY
28 Noý

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde ü...

DOWAMY
28 Noý

Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi.   Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly wekili diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň möçberli özger...

DOWAMY
27 Noý

Türkmen-niderlandlar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermers bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda diplomatik işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ileri tut...

DOWAMY
27 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...

DOWAMY
27 Noý

Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. S...

DOWAMY