RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2016-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.  Bir ýarym sagatdan Türkmenistanyň  Prezidentiniň uçary özbek paýtagtynyň “Daşkent-1” howa menzilinde gondy. Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy   Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew we beýleki...

DOWAMY
pic
23 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 24-nji iýunynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň nobatdaky Sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi “Kuksaroý”  döwlet kabulhanasynda geçirildi. ŞHG-niň giňişleýin düzümdäki mejlisiniň öňüsyrasynda metbu...

DOWAMY
pic
1 Apr

DAŞOGUZ ŞÄHERI-2016-NJY ÝYLDA ARKALAŞYGYŇ MEDENI PAÝTAGTY

Türkmenistan indi ikinji gezek Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde özüniň gadymy taryhyny, medeniýetini, oňyn ösüşiň ýolunda häzirki döwürde ýeten derejesini äşgär etmäge mümkinçilik aldy. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda şeýle dereje Mary şäherine berildi. Ol ýerde Arkalaşygyň çäklerinde halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini alamatlandyran giň möçberli çäreler uly üstünliklere beslenipdi. 2016-njy ýylda Daşoguz şäherine Arkalaşygyň...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANDA HALKARA ULAG GEÇELGELERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Şu gezekki halkara duşuşygynyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini hem-de sebit we sebitara  hyzmatdaşlygynyň  düzüml...

DOWAMY
pic
3 Few

AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň ikinji prezidenti j-p Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar dürli ugurlarda, hususan hem syýasatda, ykdysadyýetde, energetika pudagynda we medeni-gumanitar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gün tertibi barada ikitaraplaýyn gyzyklanma bi...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2016 2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY TASSYKLADY

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady. Hereketleriň milli Meýilnamasynyň esasy maksady – adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler mnistrliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Owgan wekiliýetine ýurduň Maliýe ministri jenap Eklil Ahmad Hakimi ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýanyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler. Ýagny taraplar sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny dürli ulgamlar boýunça ösdürmegiň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdyl...

DOWAMY