SOŇKY HABARLAR
LATWIÝANYŇ ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň Aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Döwlet sekretarynyň orunbasary Uldis Reýmanis bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini bellemek bilen, taraplar olary geljekde giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ulag hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-latwiýa bilekidäki...
BEÝIK BRITANIÝANYŇ MEDENIÝET, HABAR BERIŞ SERIŞDELERI WE SPORT MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ PARLAMENT ORUNBASARY LORD GENRI EŞTON BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sport meseleleri boýunça ministriň parlament orunbasary Lord Genri Eştonyň arasynda duşuşyk geçiril...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň Baş direktory j-p Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahatynyň oňyn netijelerini bellediler. Şeýle hem taraplar 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi Aziý...
MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...
TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ SEBITDÄKI STRATEGIKI ÄHMIÝETI BARADA OKUW MASLAHATYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwren...
MINSK ŞÄHERINDE TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDÄKI HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Minsk şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) howandarlygynda "Häzirki zaman elektron maglumaty döwründe terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahat, ÝHHG bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy...