SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ADYGEÝA RESPUBLIKASYNA BARYP GÖRDI
2019-njy ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň Adygeýa Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi Adygeýa Respublikasynyň Baştutany Murat Kumpilow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösüşi, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Adygeýa Respublikasynyň arasyndaky sosial ulgamdaky, yk...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýa...
AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK
2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynd...
ÝEREWANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy. Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...