SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise bu topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplyg...
Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle hem halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlar...
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekd...
Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abduladan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi m...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmensiatnyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahata hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek...
Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Ýaap Ora bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Soňra taraplar t...