SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...
Türkmen-ispan hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan...
Türkmenistanyň Ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Ilçi P.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet Baştutanyn...
Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşyşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de terjribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini...
Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri birleşdirýän...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra Türkm...