SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde s...
AŞGABATDA MOWZUKLAÝYN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen forumyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim ulgamynyň...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HYTAÝ – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA DERWAÝYS NEŞIRLERIŇ ÇAPDAN ÇYKMAGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» we «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýe...