SOŇKY HABARLAR
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar maýa goýum we şäher gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki geljegi...
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kipr Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşuryş dabarasy
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Kipr Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Kipr Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit we halkar...
ИТОГОВЫЙ ДОКУМЕНТ Международной конференции «Год мира и доверия: развитие международной деятельности во имя детей»
Мы, УЧАСТНИКИ МЕЖДУНАРОДНОЙ КОНФЕРЕНЦИИ, собравшиеся в городе Аркадаг в Международный год мира и доверия, провозглашенный в соответствии с резолюцией Генеральной Ассамблеи ООН от 21 марта 2024 года, Подтверждая свою приверженность целям и принципам Устава Организации Объединенных Наций, Отмечая необходимость выполнения глобальных стратегий и программ Организации Объединённых Наций, в частности Повестки дня в области устойчивого развития на период до 2030 года, Принимая во внимание, что...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bi...
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 30-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, amal eden ybadatlarynyň, ýagşy...
Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu giň möçberli çärä Awstriýa Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gruziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikas...