SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz bularyň köp babatda Gazagystanyň Baştutanynyň hyzmaty...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýra...
Kanadanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Kristofer Dagganyň (oturýan ýeri Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirdi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-dip...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy
2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýel...
Письмо на имя Национального Лидера Туркменского народа
Его Превосходительству господину Гурбангулы Бердымухамедову, Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Уважаемый Гурбангулы Мяликгулыевич! Прежде всего, с большим удовлетворением хочу отметить высокий уровень и позитивную динамику казахско-туркменских многогранных отношений, развивающихся в духе дружбы, добрососедства и стратегического партнёрства. Высоко ценю Ваш огромный личный вклад в дело дальнейшего сближения наших братских народов, а та...
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halka...