SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA DOMINIKAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 19-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady. Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Rus...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de R...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLAR INSTITUTYNDA DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI
2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Baýram, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçirilýän 2023-nji ýyla bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk bilen başlandy. Soňra türkmen diplomatik işgärleriniň baýramyna bagyşlanan "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahat g...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ HÖKÜMET SAMMITINE-2023 GATNAŞDY
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda 2023-Bütindünýä hökümet sammiti geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriňdir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady....
ÇEHIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Çehiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Waslaw Ýilegi kabul etdi. Wepa Hajiýew ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, Ilçiniň täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda, şeýle hem halkara we sebit gur...