SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY I.NEMATOW BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk işleri bu söhbetdeşligi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GERMAN HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK WE GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. M.Bäşimowa Türkmenistanyň GFR bilen ikitaraplaýyn gö...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BAE-NIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň arasynda gepleşikler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümk...
TÜRKMENISTANDA ÇILI RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rodrigo Enrike Arkos Kastrodan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň g...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ COVID-19 BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA ARAGATNAŞYK TOPARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Baku şäherinde duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu sammite gatnaşmaga çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutany şu günki duşu...