SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADYNYŇ TÜKELLEÝIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK WE KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 13-14-nji aprelinde Samarkant şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň tükelleýiş işlerini geçirmek we kämilleşdirmek boýunça geňeşmeler geçirildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn halkara şertnamalaryň we halkara şe...
ABOUT THE MEETING OF THE CIS COUNCIL OF FOREIGN MINISTERS
On April 14, 2023, in Samarkand, the Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Vepa Hajiyev took part in the regular meeting of the Council of Ministers of Foreign Affairs of the member states of the Commonwealth of Independent States. The event was attended by the heads of the foreign ministries of Azerbaijan, Armenia, Belarus, Kazakhstan, Kyrgyzstan, Russia, Tajikistan, Turkmenistan and Uzbekistan, as well as the CIS Executive Committee. At meetings in narrow and broad formats,...
"HALKARA HABARLAR ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI" ATLY «TEGELEK STOL» BOÝUNÇA KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly «tegelek stol» geçirildi. Bu çärä halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususy habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri, maglumat we aragatnaşyk syýasaty b...
GYRGYZYSTANDA “PYRAGY” ATLY TÄZE OÝUN GÖRKEZILDI
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanba...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI T.ATAÝEW MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Du...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...