RSS

SOŇKY HABARLAR

8 Sen

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün ter...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTAN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINDEN HYZMATDAŞLARY BILEN GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-nyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmeni...

DOWAMY
7 Sen

TÜRKMENISTAN WE HHR IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE GÜÝÇLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueý bilen duşuşdy. Işjeň gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi. Sebit we halkara formatlaryň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenild...

DOWAMY
6 Sen

ÝEWRAZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA HHR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik...

DOWAMY
6 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...

DOWAMY
6 Sen

AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...

DOWAMY