SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi barada
Şu gün 2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny be...
Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi. Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň wekilleri, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merk...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirdi. Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrma...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjanyň Premýer-ministri A.Asadow, Belarusiýanyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri A.Smailow, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany M.Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Özbegist...
Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB arasynda adam hukuklary barada gepleşikler geçirildi
2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň müdiri Ý.Nuryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýanyň Brýussel şäherine sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Adalatçy, Daşary işler, Içeri işler we Adalat ministrlikleriniň wekilleri girdi. Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň işine gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary barada
2023-nji ýylyň 16-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Mottaki, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumyny içine alýan meseleleriň ençemesine seredildi. Hususan-da, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakista...
Türkmen-Taýland Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri barada
2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatna...