RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen bilelikdäki ýolbaşçy toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ý...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMEN-YSRAÝYL GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy we diplomatik meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler. Hemişelik bitaraplyk derejesine yzygiderli eýerýän Türkmenistanyň parahatçyl...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ 70-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosf...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETI ŽENEWADA BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi. Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamyn...

DOWAMY
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI WENGRIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Budapeşt şäheriniň “Sandor” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny...

DOWAMY
20 Apr

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen...

DOWAMY
19 Apr

BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ulgamynyň bosgunlaryň we apatritleriň meselelerine degişli esasgoýujy halkara-hukuk resminamalarynyň aglabasyna gatnaşmak bilen, iş ýüzünde ü...

DOWAMY