SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN RUMYNIÝANYŇ ARASYNDA BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA RESMINAMA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. "Jean Constantin" ýaşlar üçin köpugurly bilim merkeziniň eýwanynda sergi açyldy. Onuň esasy bölegi Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan, goşgular ýygyndylaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň taryhyna, ýurdumyzyň täsin tebigatyna we syýahatçylygyň özüne çekijiligine bagyşlanan meşhur ylmy edebiýatdan ybarat boldy. Sergi bilen tanyşlyk mahalynda çärä gatnaşyjylar dünýä siwilizasiýasynyň ös...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE UNAMA-NYŇ MISSIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. W.Hajiýewiň b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrar...
RUMYNIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Buharest we Konstansa şäherlerinde geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Rumyniýa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekillerinden, sungat işgärlerinden, alym-professorlardan, şeýle-de habarçylardan düzülen topar geldi. 22-nji maýda Buharestde Türkmenistanyň Rumyniýadaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylym we sungat işgärleri, bu ýurtda akkreditirlenen diplomatik eda...
TÜRKMENISTAN-GRUZIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR PUGTALANDYRYLÝAR
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan-Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallaryn...