RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Iýun

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Bu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy Astana şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamany esasynda ykar edilen – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişini «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda gurady. Sport we dynç alyş çäresi Gazagystanyň paýtagtynyň paýtagtynyň iň ajaýyp künjeginde - Astana Triatlon seýilgähinde guraldy we oňa bu ýurduň ýokary okuw mekd...

DOWAMY
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Ilçi M.Çaryýewiň Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, Ilçi onuň bu gurama Türkmenistanyň Wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda M.Çaryýew Halkara sergiler býurosynyň halkara sergileri guramak we utgaşdyrmak nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady. Türkmenistan bilen HSB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny mälim etdi. Ilçi HSB Türkmenistanda milli we halkara...

DOWAMY
2 Iýun

AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...

DOWAMY
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklan...

DOWAMY
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyryl...

DOWAMY
2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýa...

DOWAMY
1 Iýun

AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...

DOWAMY