RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Iýul

ARKADAG ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIAFORUMYŇ METBUGAT-BEÝANATY

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda halkara mediaforumy geçirildi. Forumyň işine 100-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda ýurduň akademiki toparlarynyň ýolbaşçylary we habar beriş agentlikleriniň baş redaktorlary, degişli halkara guramalaryň we birleşikleriň wekilleri, milli hususy habar beriş agentlikleriň habarçyla...

DOWAMY
1 Iýul

ARKADAGDA HALKARA MAÝA GOÝUM FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Bu...

DOWAMY
1 Iýul

“TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY” DIÝLIP YGLAN EDILEN ŞÄHERLERIŇ HÄKIMLERINIŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda "akylly" şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň forumy geçirildi, oňa TÜRKSOY-yň baş sekretary, şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. TÜRKSOY-yň baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstü...

DOWAMY
30 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu örän uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyrda meýilleşdirilýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy. 16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edarala...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÜNÝÄNIŇ INŽENERLER WE BINAGÄRLER BIRLEŞIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirjini kabul etdi. Duşuşygyň başynda I.Demirji döwlet Baştutanyna “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy hem-de onuň häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny belledi Ýurdumyzyň Pre...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň ýurdumyzda täze bellenen ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzodany kabul etdi. Ynanç hatlaryny gowşurmak bilen, diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň salamyny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti ilçini wezipä bellenilmegi bilen gut...

DOWAMY
28 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ YHG BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Noziri bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri hem-de özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň geljegi barada pikir alyşyldy. Taraplar söwda, ulag, maýa goýum, energetika, ekologiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça seb...

DOWAMY