RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Mar

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar görkezildi. Çykyş wagtynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň elementlerini, şeýle hem meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri we...

DOWAMY
pic
16 Mar

Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. Bu çäre Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
13 Mar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygyň ynsanperwer gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy T...

DOWAMY
pic
12 Mar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem sosial hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Gurama...

DOWAMY
pic
12 Mar

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Piter Wan Roýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Taraplar Tür...

DOWAMY
pic
12 Mar

Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýr...

DOWAMY
pic
12 Mar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Peter wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halka...

DOWAMY