AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Milli geňeşiniň ikinji prezidenti j-p Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar dürli ugurlarda, hususan hem syýasatda, ykdysadyýetde, energetika pudagynda we medeni-gumanitar ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara gün tertibi barada ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalaryň dowamynda migrasiýa meseleleri bellenildi. Syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar halkara derejesinde, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde özaragatnaşyklary geljekde ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag infrastrukturasyny döretmek ugrundaky başlangyçlaryna ünsi çekip, taraplar geljekde bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda infrastruktura gurluşygyna Awstriýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-awstriýa ykdysady hyzmatdaşlygyna degişlilikde bilelikdäki söwda dolanşygyň oňyn ösüşi bellenildi. Şunlukda, türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýetine aýratyn orun berildi.
Medeni-gumanitar gatnaşyklaryň oňyn ähmiýetini hoşallyk bilen belläp, taraplar bu ugurdaky özara gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.