TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2016 2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY TASSYKLADY

2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady.
Hereketleriň milli Meýilnamasynyň esasy maksady – adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek hem-de halkara hukugynyň ynsanperwer ugry boýunça kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmak we hukuk-ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmek bolup durýar.
Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik guramalary ady agzalan meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi. Meýilnamada getirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegini utgaşykly alyp barmak Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň üstüne ýüklenildi.