Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşlerinden — Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen gutlap, berk jan saglyk, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we gülläp ösüşiniň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagynyň, halkara giňişliginde abraýynyň belende galmagynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, çuňňur oýlanyşykly daşary we içeri syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz öň görlüp-eşidilmedik rowaçlygyň we döredijiligiň, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösüşiniň belent sepgitlerine çykyp, ösüşleriň we ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döredijilik ruhunyň düýp mazmuny häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürlen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinde öz beýanyny tapýar. Bu bolsa häzirki taryhy eýýamda halkyň belent ruhuny äşgär edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmegiň ýolunda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Her ýyl ýurdumyzyň kartasynda täze ýaşaýyş toplumlaryna we ýaşyl seýilgäh zolaklaryna, häzirkizaman umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerine, çagalar baglaryna, saglyk we sport merkezlerine, medeniýet edaralaryna beslenen täze etraplar, şäherler, obalar döreýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp pudakly türkmen ykdysadyýetiniň kuwwaty çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda önümleri dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan täze ýokary tehnologiýaly önümçilik we gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar we ulanyşa girizilýär. Diýarymyzda demir we awtomobil ýollarynyň, howa we deňiz menzilleriniň, köprüleriň we häzirkizaman ulag aragatnaşyk düzümleriniň, şeýle hem energetika ulgamynyň beýleki desgalarynyň gurluşygy ýaýbaňlanýar.
Bu ýere ýygnananlar häzirki “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, azot dökünlerini öndürmekde kuwwaty we tehnologik taýdan ajaýyp bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň ulanyşa girizilmegi ýaly üstünlikler bilen şöhratlanandygyny buýsanç bilen bellediler. Olaryň açylyş dabaralaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşdy. Şu ýyl badalga alan, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine sebitiň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etjek iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky gurluşygy, bu ugur boýunça elektrik geçirijileriniň we optiki süýümli ulgamlarynyň çekilmegi ýaly iri taslamalar bar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukuklylyk, raýdaşlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly bolup durýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de sebitde we tutuşlygyna ýer ýüzünde abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara sport giňişliginde hem ata Watanymyzyň abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda iri ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi, şol ýaryşlara halklary we medeniýetleri birleşdirýän, tutuş dünýäde parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ýardam etmäge ukyply çärelere ähmiýet berilýär. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryň hormatyna geçirilen “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisi, welosipedli we ylgaw ýaryşlary uly üstünliklere beslendi. Şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üstünliklere bolan umyt-arzuwlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň we ýokary netijeler sportunyň tarapdary mähriban Arkadagymyzyň ady bilen berk baglydyr.
Milli Liderimiz gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynda mähriban halkymyzyň abadançylygyny, eziz Watanymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze maksatlaryň we wezipeleriň öňde goýlandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň innowasiýalar we ösüş ýoly bilen ilerlemegine ýardam etjek ähli meýilnamalaryň we giň gerimli milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna berk ynam bildirip, bu ýere ýygnananlara mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.