Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry

photo

Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki Pa­ra­hat — 7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da gurlan tä­ze köp gat­ly jaý­la­ryň iki­si umu­my­mil­li baý­ram­çy­ly­gyň — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da aş­ga­bat­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy. Şä­her hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň hem-de bagt­ly öý eýe­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da tä­ze jaý­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di.

Aş­ga­bat gün­sa­ýyn gö­zel­le­şip, dün­ýä­niň owa­dan paý­tagt­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ok­gun­ly ke­ma­la gel­ýän me­ga­po­li­siň çäk­le­ri­ni gi­ňeld­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ra­ýat­la­ryň oňaý­ly ýa­şa­ma­gy hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin amat­ly şä­her gur­şa­wy­ny dö­ret­mek, göw­ne­jaý dynç al­mak we wag­ty­ňy peý­da­ly ge­çir­mek üçin hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek we­zi­pe­le­ri­ni paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­di. Soň­ky ýyl­lar­da tu­tuş et­rap­la­ryň dur­ky tä­ze­len­di, ze­rur bo­lan äh­li dü­zü­mi, bag-se­ýil­gäh top­lum­la­ry bo­lan tä­ze ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry peý­da bol­dy, des­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si gu­rul­dy, şo­la­ryň ara­syn­da ab­raý­ly hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ň sy­lag­la­ry­na my­na­syp bo­lan bi­na­gär­lik we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki pi­ki­riň des­ga­la­ry az däl­dir.

Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta-gün­do­gar bö­le­gin­de ýer­le­şen Pa­ra­hat-7 et­rap­ça­sy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn ýa­şa­ýyş jaý gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň aý­dyň my­sa­ly­dyr, bu ýer­de aş­ga­bat­ly­la­ryň müň­ler­çe maş­ga­la­sy aja­ýyp öý­le­re gö­çüp bar­dy­lar.

Tä­ze Pa­ra­hat-7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­my et­rap­ça­ny gur­ma­gyň bir bö­le­gi hök­mün­de bat­ly dep­gin­ler bi­len bi­na edil­ýär. Bu top­lum Ýu­nus Em­re, Al­ty Gar­ly­ýew, Ba­ba An­na­now hem-de “10 ýyl aba­dan­çy­lyk” kö­çe­le­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki umu­my meý­da­ny 30 gek­tar­dan gow­rak bo­lan ýer­de gu­rul­ýar. Şu ýer­de eý­ýäm gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len 9 gat­ly jaý­la­ryň 27-sin­den 8-si, 600 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep hem-de 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy, sag­lyk öýi we söw­da mer­ke­zi ulan­ma­ga be­ril­di. Gel­jek­de mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gör­kez­me­si bo­ýun­ça bu ýer­de ýe­ne-de bir mek­de­bi we ça­ga­lar ba­gy­ny gur­mak bel­le­nil­di.

Şu gün bagt­ly jaý eýe­le­ri köp gat­ly jaý­la­ryň iki­sin­de otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan öý­le­riň 144-si­niň aça­ry­ny al­dy­lar. Bir­meň­zeş jaý­lar bin­ýat­la­ry­nyň, üçek­le­ri­niň, ör­tük­le­ri­niň, di­war­la­ry­nyň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­niň esa­syn­da tas­la­nyl­dy, şo­lar ti­mar­la­nan­da döw­re­bap ýy­ly­lyk sak­laý­jy se­riş­de­ler ula­nyl­dy.

Jaý­la­ryň bi­ri bir, iki, üç hem-de 4 otag­ly öý­le­riň 108-sin­den yba­rat bo­lup, ikin­ji jaý­da dört we bäş otag­ly öý­le­riň 18-si bar, ola­ryň uly ýa­şa­ýyş meý­da­ny bar. Aş­ha­na, eý­wan — bu­la­ryň hem­me­si ýo­ka­ry amat­ly­ly­gyň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Öý­ler­de otur­dy­lan ýo­ka­ry hil­li me­bel­ler ýur­du­my­zyň önüm­le­ri bo­lup, döw­re­bap be­ze­ge eýe­dir. Dür­li-dür­li dur­muş teh­ni­ka­la­ry bol­sa, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň ön­dü­ren tä­ze nus­ga­la­ry­na ky­bap gel­ýär.

Tä­ze jaý­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryl­dy, şol ýer­de ça­ga­la­ryň oý­na­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­mak, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri we da­ba­ra­la­ry ge­çir­mek üçin meý­dan­ça göz öňün­de tu­tul­dy. Jaý­la­ryň tö­we­re­gin­de gül eki­len aý­man­ça­lar, gül­ça­nak­lar, ýol yşyk­la­ry­nyň oý­la­ny­şyk­ly ul­ga­my gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar. Dü­kan­la­ry bo­lan söw­da ba­za­ry hem ýa­kyn­da ýer­leş­ýär.

Açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň de­re­je­si­ne çy­ka­ry­lan mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky ala­da­nyň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça ägirt uly dur­muş tas­la­ma­syn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň äh­li ugur­daş dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mek­de ul­gam — top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­ni üp­jün ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ýa­daw­syz iş­le­ri üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ren da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi ýe­tip gel­ýän şan­ly se­ne — Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, berk jan sag­lyk hem-de “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry öňe sür­ýän sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze giň ge­rim­li iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.

***

Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze des­ga­la­ryň bir­ba­da iki­si — aş önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wod hem-de ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­di. Olar da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de bi­na edil­di.

Şä­her hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­la­ryň bar­şyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy hem-de azyk se­na­ga­ty­ny çalt dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi, ýur­du­my­zyň ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ugur­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy.

Ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­da iri bug­daý üwe­ýän, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk we ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Şun­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be esas hök­mün­de ula­ny­lyp, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Azyk ha­ryt­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ýan kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy bi­na edil­di. Bu giň ge­rim­li iş­le­re yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­ýar­lar, olar bu pu­dak­lar­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar­lar.

Bal­ka­na­bat­da gur­lan aş önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän tä­ze za­wod mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan kö­pu­gur­ly hu­su­sy kär­ha­na ta­ra­pyn­dan “Se­na­gat” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň be­ren kar­zy­nyň ha­sa­by­na bi­na edil­di.

Kär­ha­na döw­re­bap ita­li­ýan en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 270 ton­na önü­me deň­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de aş önüm­le­ri­niň on­lar­ça gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gi öz­leş­di­ri­lip, 0,5 we 5 ki­log­ram bo­lan gap­la­ra gap­la­nan hem-de “PG” ha­ryt­lyk ny­şa­ny as­tyn­da ýer­le­nil­ýär.

Ýy­la­dyş­ha­na top­lu­my bol­sa tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ila­ty gök önüm­ler bi­len üp­jün eder. Onuň üçin gün­ba­tar se­bi­tiň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň go­la­ýyn­da ýer bö­le­gi be­ril­di. Bu des­ga hem ýer­li hu­su­sy kär­ha­na­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­na edil­di. Il­ki­baş­da bu ýer­de 0,5 gek­tar ýer­den ýyl­da ýo­ka­ry ha­syl­ly ýer­li we da­şa­ry ýurt sort­la­ryn­dan bo­lan po­mi­do­ryň 200 ton­na­sy­ny ýyg­nap al­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ýa­kyn gel­jek­de onuň ýa­nyn­da bir­meň­zeş kuw­wat­lyk­da­ky ikin­ji ýy­la­dyş­ha­na­ny gur­mak hem-de ne­bit­çi­ler şä­he­ri­niň we ýa­kyn şä­her­çe­le­riň söw­da ul­ga­my­na ibe­ril­ýän ýo­kum­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Bu tä­ze des­ga­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ha­ryt­lyk tek­lip­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek hem-de uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ba­za­ry­ny bu önüm­ler bi­len dol­dur­mak, ýer­li se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek ba­bat­da te­le­ke­çi­le­riň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­me­giň no­bat­da­ky my­sa­ly­na öw­rül­di.

***

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň ýa­şaý­jy­la­ry şan­ly baý­ram­çy­ly­ga — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne aja­ýyp sow­gat al­dy­lar. Şu gün bu ýer­de tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my da­ba­ra­ly ýag­daý­da ulan­ma­ga be­ril­di. Ol 4 gat­ly jaý­la­ryň dör­dü­sin­den yba­rat bo­lup, ola­ryň her bi­rin­de dört we üç otag­ly öý­le­riň 24-si bar. Gur­lu­şy­gyň bar­şyn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gik en­jam­lar we ti­mar­la­ýyş se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy.

Ýur­du­my­zyň döw­re­bap şä­her gur­lu­şy­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, tas­la­ma­sy ýer­li hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan ýo­ka­ry amat­lyk­ly jaý­lar A.Ny­ýa­zow kö­çe­si­niň bi­na­gär­lik gör­kü­ne görk goş­dy. Top­lu­myň gur­lu­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň Türk­me­na­bat gur­lu­şyk önüm­le­ri za­wo­dy hem-de Türk­me­na­ba­dyň “De­mir­be­to­nö­nüm­le­ri” kär­ha­na­sy gat­naş­dy­lar.

Hä­zir bu kär­ha­na yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da top­lum­la­ýyn dur­ky tä­ze­le­nen­den hem-de döw­re­bap­laş­dy­ry­lan­dan soň, şä­her­ gur­lu­şyk des­ga­la­ry­na ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk önüm­le­ri­ni hem-de jaý gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni esa­sy iber­ýän kär­ha­na öw­rül­di. Bu ýer­de döw­re­bap en­jam­lar we teh­no­lo­gi­ýa ul­gam­la­ry iş­le­ýär, şo­lar Ger­ma­ni­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den ugur­daş teh­ni­ka­la­ry ön­dür­ýän da­şa­ry ýurt­ly bel­li önüm ön­dü­ri­ji­ler­den sa­tyn alyn­dy.

Tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň öý­le­rin­de ýa­şaý­jy­lar üçin äh­li amat­ly şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Üçek­le­ri be­ýik we oňat ti­mar­la­nan giň ýag­ty otag­lar, aja­ýyp en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na hem-de eý­wan tä­ze jaý eýe­le­ri üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der. Ýa­na­şyk ýer­ler aba­dan­laş­dy­ry­lyp, ba­gy-bos­san­ly­ga bü­rel­di, şol ýer­de giň ça­ga­lar meý­dan­ça­sy en­jam­laş­dy­ryl­dy. Top­lu­myň çä­gin­de toý we beý­le­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin 300 orun­lyk bi­na göz öňün­de tu­tul­dy.

Toý ly­ba­sy­na bes­le­nen tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my jaý eýe­le­ri­ni gu­jak açyp gar­şy­la­dy, ar­tist­le­riň aý­dym-saz­ly we tans­ly çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­ly­gyň şow­hu­ny­ny art­dyr­dy. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na we­la­ýat, şä­her hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar gat­naş­dy­lar.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, türk­me­nis­tan­ly­la­ry ýo­ka­ry amat­lyk­ly jaý­lar bi­len üp­jün et­mek Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Olar ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Şol öz­gert­me­le­riň esa­syn­da bol­sa adam ha­kyn­da ala­da dur­ýar.

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän şu ýyl Amy­der­ýa­nyň bo­ýun­da­ky şä­he­riň ta­ry­hy­na aja­ýyp sa­hy­pa hem-de ýo­ka­ry amat­lyk­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­ma­gyň we ulan­ma­ga ber­me­giň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler ýy­ly hem-de no­bat­da­ky şä­her­ gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy hök­mün­de he­mi­şe­lik gi­rer. Bu ýer­de ýa­kyn­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip, Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň gü­nor­ta­syn­da, ga­dy­my Amul ga­la­syn­dan ba­dal­ga al­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu ýy­lyň tom­sun­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň go­la­ýyn­da her bi­ri 32 öý­den yba­rat dört gat­ly jaý­la­ryň 17-sin­den hem-de iki gat­ly kot­tej­le­riň 170-sin­den yba­rat ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň düý­bü­ni tut­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Şeý­le hem bu ýer­de 600 orun­lyk or­ta mek­dep, söw­da mer­ke­zi, ça­ga­lar ba­gy, dur­muş hyz­mat­la­ry öýi we dur­muş-je­ma­gat ul­ga­my­nyň beý­le­ki des­ga­la­ry bi­na edi­ler. Şol gün mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da her bi­ri 40 maş­ga­la ni­ýet­le­nen dört gat­ly jaý­la­ryň 22-sin­den yba­rat tä­ze ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Şu ýy­lyň iýu­lyn­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hem aja­ýyp sow­gat al­dy­lar. Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de iri döw­re­bap, 830 orun­lyk we­la­ýat has­sa­ha­na­sy hem-de 40 öý­li jaý­la­ryň 6-syn­dan yba­rat sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Şu gün­ki da­ba­ra­la­ryň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan iş­de ta­pa­wut­la­nan gur­lu­şyk­çy­la­ra gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.