Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady.
Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
«Orbeliani» köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gruziýanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekledi hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa döwlet sapary bilen gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ol mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýa sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belläp, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny bu waka bilen gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan—Azerbaýjan—Gruziýa—Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi—Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşykdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin “Ekspo Georgia” sergiler merkezine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.
Forumda, ilki bilen, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de foruma gatnaşyjylary mübärekläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýada kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Irakliý Kobahidze häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygyny aýdyp, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri hemmelere üstünlikleri arzuw edip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, anyk başlangyçlary öňe sürmäge, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Pudaklar boýunça alanyňda, ýangyç-energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişendigini aýtdy. «Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar.
«Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem örän möhüm ugur bolmagynda galýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň hem netijeli ösdürilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika, kommunikasiýa, üpjünçilik ulgamlaryny we deňiz terminallaryny peýdalanmagy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, hususy telekeçiligiň ugurdaş üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, harytlardyr hyzmatlary üstaşyr geçirmek üçin aýratyn mümkinçilikleri peýdalanmaga çekilmelidigini nygtady.
“Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin. Türkmenistan syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde-de Gruziýanyň tejribesi bilen gyzyklanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu foruma ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda yzygiderli, oýlanyşykly, anyk dialogyň başlangyjy hökmünde garaýandygyny, şeýle çäreleriň yzygiderli esasda ýurdumyzda we Gruziýada geçiriljekdiginden ugur alýandygyny nygtady hem-de foruma gatnaşyjylara netijeli gatnaşyklary, peýdaly ideýalary, tejribeleri alyşmagy arzuw etdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördüler.
«Ekspo Georgia» meýdançasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz pawilýonlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň Premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.