TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY

2016-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Bir ýarym sagatdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary özbek paýtagtynyň “Daşkent-1” howa menzilinde gondy. Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Iki döwletiň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp hem-de ŞHG-niň Daşkent Sammitiniň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, netijeliligini we uly geljegini bellediler. Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, ykdysady gatnaşyklary onuň ägirt uly kuwwatyny, milli bähbitleri hem-de Aziýa sebitiniň geljegine bolan umumy garaýşy nazara almak bilen, has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidentine ŞHG-niň agzasy bolup durýan döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Daşkende gelip görmek baradaky çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň başlyklyk etmeginde bu möhüm çäräniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderini ýene-de bir gezek Daşkentde kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen soňky döwürde täze many-mazmuna eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mähirli mübärekläp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de açylýan täze mümkinçilikler babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goňşy döwletleriň özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhammad Aşraf Gani ýangyç-energetika toplumyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Şol gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň Sammitine gatnaşmak üçin Daşkende gelen beýleki döwletleriň baştutanlary we wekiliýetleri bilen bilelikde Halkara forumlarynyň köşgüne bardy. Şol ýerde Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.