TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 24-nji iýunynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň nobatdaky Sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi. ŞHG-niň giňişleýin düzümdäki mejlisiniň öňüsyrasynda metbugat maslahatlar zalynda oňa gatnaşyjylaryň – döwlet we wekiliýetleriň baştutanlarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
ŞHG-niň Sammitine gatnaşmak üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary – Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Daşkende geldiler.
Mejlise ŞHG-niň ýanynda synçylar derejesine eýe bolan döwletleriň ýolbaşçylary – Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasyna daşary işler ministri Mohammad Jawad Zalif wekilçilik etdi.
ŞHG-niň Sammitine halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Jeffri Feltman, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy - GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiýasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Le Lyong Min we beýlekiler geldiler.
Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Kongresler zalynda ŞHG-niň giňişleýin düzümindäki Sammitiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowa we onuň üsti bilen Özbegistanyň ähli halkyna myhmansöýerlik hem-de mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegidir. Bu ugur bolsa sebit prosesleriniň durnukly hem-de deňagramly bolmagyny, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny üpjün etmäge, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, ŞHG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi hem-de özümiziň sebit proseslerine gatnaşmagymyzyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly gatnaşyklar hökmünde garaýarys.
Türkmenistan ŞHG-niň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň berk deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallarynyň berkarar bolmagy üçin ulanylyp bilinjekdigine we ulanylmalydygyna ynanýar. Bu möhüm wezipeleri çözmekde ŞHG bilen işjeň özara gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
ŞHG-niň şu sammiti bu Guramanyň döredilmeginiň 15 ýyllygynda geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu döwrüň içinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işlemeginiň berk guramaçylyk we hukuk esaslary döredildi, uzakmöhletli geljek üçin onuň işiniň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uly oňyn tejribesi toplanyldy. Çykyşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, döwlet, hökümet Baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriň agzalaryny şu şanly sene bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlik, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Mejlis tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek paýtagtynyň “Daşkent-1” howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.